خانه / اقتصادی / Türkmenistanda Eýrandan getirilen azyk ýok edilýär, bahalar galýar, gytçylyk güýçlenýär

Türkmenistanda Eýrandan getirilen azyk ýok edilýär, bahalar galýar, gytçylyk güýçlenýär

Aşgabadyň azyk dükanlarynyň tekjelerinde azyk önümleriniň sany we görnüşleri esli azaldy. Tutuş ýurt boýunça daşary ýurt önümleriniň we ýerli azygyň bahasy gymmatlady, käbir önümler doly satuwdan aýryldy.

Türkmenistana Eýrandan getirilýän kartoşka bir hepdeden az wagtyň dowamynda paýtagtyň dükanlarynda tas dört esse gymmatlady we satuwdan aýryldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, ۲۸-nji fewralda eýrandan getirilen kartoşka söwda nokatlarynyň hiç birinde ýokdy.

۲۷-nji fewralda paýtagtda kartoşkanyň bahasy 18 manata ýetdi.

Şu günler ýurduň özünde öndürilýän pes hilli kartoşkanyň bahasy esli ýokarlandy.

“Dükanlaryň ençemesinde kartoşka ýa-ha asla ýok, ýa-da pes hilli galyndylar satylýar. Töwerekdäki dükanlarda şu gün ýerli kartoşkanyň bahasy 15 manat, onuň hili ortaça. Ýagdaýdan peýdalanyp, türkmen kartoşkasynyň bahasyny hem galdyrdylar” diýip, habarçymyz 28-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.

Azatlygyň beýleki regionlardaky habarçylarynyň sözlerine görä, ۲۸-nji fewralda Balkan welaýatynda Türkmenbaşy şäherinde daşary ýurtdan getirilen kartoşkanyň bir kilogramy 20 manatdan satylýar, Daşoguzda ýerli kartoşkanyň bir kilogramy 12 manada durýar.

Aşgabatda miweleriň ençemesiniň bahasy ýokarlandy, olaryň arasynda Eýrandan getirilen önümler bar.

“Eýranly kiwi öň ۱۷ manatdy, düýn 22 manat boldy” diýip, – habarçymyz 28-nji fewralda aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary azyk önümleriniň alyjylara hödürlenýän görnüşleriniň esli azalandygyny we esasy azyk önümleriniň hasam gytalandygyny belleýärler.

​”Towuk tas hiç ýerde ýok diýen ýaly, onuň bar ýerinde, supermarketlerde adam başyna birini berýärler. Ösümlik ýagy döwlet dükanlarynda ýok, hususy dükanlarda tiz alyp gutarýarlar” diýip, habarçymyz aýdýar.

​Türkmenistanda şu günler azyk önümleriniň gytalmagynyň we gymmatlamagynyň fonunda habarçylarymyz Eýrandan getirilen harytlaryň söwdagärleriň ellerinden alynýandygyny habar berýärler.

“Sanepidemstansiýa we ýokanç kesellere gözegçilik edýän edaralar Nebitdagyň we beýleki etraplaryň bazarlaryndaky we skladlaryndaky Eýrandan getirilen azyk önümlerini ýygnaýar. Alnan towuk, süýji kökeler, kartoşka, sogan we sitrus miweleri poligonda ýakýarlar” diýip, Balkan welaýatyndaky habarçymyz 28-nji fewralda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Eýrandan haryt getirýän söwdagärleriň karantine salnan ýagdaýlary bar. Şol bir wagtda-da, serhetýaka etraplarda dezinfeksiýa çäreleri güýçlendirilýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça türkmen resmilerinden maglumat alyp bilmedi.



تلگرام

دیدگاهتان را بنویسید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد.