خانه / سیاسی / Zaýalanan etden palaw, ýandakdan çaý. Goşundaky gullukçylaryň gün-güzerany

Zaýalanan etden palaw, ýandakdan çaý. Goşundaky gullukçylaryň gün-güzerany

Iňňän gowşak azyk üpjünçiligi, hapaçylyk, ýaşaýyş şertleriň ýaramazlygy, gullukdaşlar we ofiserler tarapyndan kemsitmeler hem parahorluk, harbylaryň öz sözlerine görä, şu günki gün türkmen goşunyndaky problemalaryň diňe käbirleri.

Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň maýor derejesindäki ofiseri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolup, Marydaky harby bölümleriň birindäki ýagdaý barada gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, gulluk edýän bölüminde ýaramaz azyk uly kynçylyk bolup durýar.

“Goşunda ähli naharlary zaýalanan etden bişirýärler. Esgerleri Braziliýadan getirlen doň et bilen naharlaýarlar, harby bölümleri şonuň bilen üpjün edýärler. Şol eti nädogry saklaýan bolmaklary mümkin. Onuň ýakymsyz ysy uzakdan duýulýar. Bu etden esgerlere palaw, çorba ýa-da makaronyň gapdalyndan buglap berýärler” – diýip, habarçymyz ofiseriň aýdanlaryny gürrüň berdi.

Harbynyň sözlerine görä, esgerler mesge ýagy görmeýärler, olara margarinden başga zat bermeýärler, içmäge çaý ýa-da ýandagy gaýnadyp çaý edip berýärler.

“Öňler kakadylan miwelerden kompot berýärdiler, indi kompoty diňe arzuw edäýmeli. Çaý ýa-da ýandakdan gaýnadylan çaý berýärler” -diýip, ofiser gürrüň berýär.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ofiser esasy problemalaryň arasynda medisina hyzmatlarynyň aşa pesligini aýratyn belläp geçdi.

“Rotanyň medisina bölüminde ýagdaý iňňän gözgyny. Dermanlar we ilkinji zerurlykdaky medisina serişdeleri ýok. Bar bolan ýeke-täk derman ýod. Ony kelleagyrysyndan, aýakdaky gijelewükden we bedendäki dürli agyrlardan ulaýarlar. Kesellän esgerler dermanlary öz hasabyna satyn almaly bolýarlar” diýip Azatlygyň gürrüňdeşi aýtdy.

Mundan başga, goşundaky aktual problemalaryň ýene biri esgerleriň egin-eşigine degişli. Geýimleri ýamap geýmek adaty bir ýagdaýa öwrülipdir.

“Esgerlere berilýän geýimleriň hili örän pes. Ony bir gezek ýuwanyňdan soň solýar, dyzlary we beýleki ýerleri ýyrtylýar, ýamap geýmeli bolýar. Esgerleriň gündeki geýimlerini ýylda iki gezek çalyşýarlar, oňa çenli esgerler gulluk borjuny ýamalan geýimde berjaý edýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Üstesine, türkmen harbysynyň sözlerine görä, goşundaky gulluk borçlary ofiserler üçin hem amatly däl. Ofiserleriň ortaça aýlygy 3000 manat. Harbylaryň ençemesi kireýe alnan jaýlarda ýaşaýarlar.

“Köp halatlarda harbylaryň maşgalalarynda diňe maşgala başy işleýär. Her aýda biz zordan gün görýäris. Köp ofiserler we kontrakt boýunça gullukçylar kireýe alan jaýlarda ýaşaýarlar. Olaryň jaý üçin çykdajysy iň azyndan 300-400 manat bolýar. Maşgalanyň azygy üçin 2000 manat gidýär” – diýip, harby aýtdy.

​Onuň sözlerine görä, käbirler mellek işläp özleri üçin azyk ýetişdirýärler.

Azatlyk Radiosy goşundaky ýagdaý barada resmi maglumat almak üçin Goranmak ministrligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Emma bize harby resmilerinden pikir almak başartmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýaragly güýçlerindäki problemalary resmi taýdan tassyklamaýarlar, garaşsyz habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryny kommentirlemeýärler, şol bir wagtda-da goşunyň maddy üpjünçiligine döwlet tarapyndan uly üns berilýändigini yglan edip gelýärler.

Türkmen prezidenti harbylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, şol sanda olar üçin jaý gurmak planlaryny ençeme gezek mälim edipdi.

Türkmen goşunyndaky aýylganç şertler, kemsitmeler, esgerleresütem edilmegi we olaryň heläk bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň fonunda türkmen häkimiýetleri goşuna esger çekmek boýunça işlerini güýçlendirdiler. .

Soňky ýylyň dowamynda esgerlige saglyk taýdan ýarawsyz ýaşlaryň, kanukul döwründe öýüne daşary ýurtlardan barýan studentleriň, şeýle-de okuwyny tamamlap ýetişmedik mekdep okuwçylarynyň zor bilen goşuna alynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň onlarçasy boldy.



تلگرام

پاسخی بگذارید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *