خانه / Türkmençe / Jemgyýetiň çöküşi we onuň syýasy netijeleri!

Jemgyýetiň çöküşi we onuň syýasy netijeleri!

    Türkmenistandn üç onýyllyga golaý diktatorçylyk höküm sürüp gelýär, şu döwrüň içinden ýurtda syýasy hereketler doly gabawda, ykdysady we jemgyýetçilik funkisýalary çöküşde bir söz bilen aýdylanda respublika uly gorpuň kenerynda we uly özgerişleriň bosagasynda durýar. Häkimiýet başyndaky elitanyň awtoritar we zalym sýyasatyny ýok etmek üçin giýň hem çuňňur reformalara, düýpli özgerişler geçirmeli bolar, şeýle edilmän ýagdaýda esasanam demokratik alternatiwanyň ýoklugynda we graždan jemgyýeti guramalarynyň (NGO)gadaganlygy sebäpli syýasy taýdan ýurtda näbelli hem agyr pajygaly prosses ýüze çykyp biler.

Häzirki ýagdaýda, ýurduň awtoritar diktator prezidentiniň we onuň ýurduň ykdysatyýetini öz elinde tutýan mafiýa maşgalasyna respublikanyň daşyndaky syýasy aktiwistileriň tarapyndan hereketlerde barha artýan nägilelikler ara atylýar. Bu protestler, giň möçberde ýaýraýan zulum we  bikanunçylykdan, ilatyň barha garyplaşmasyndan, işsizligiň artmagyndan şol sebäpden ýurtden gaçýan ýaşlaryň sany barha köpelýär, üstesine geljegine umydy garaňky, ýokary okuw jaýlara girmek üçin para puluny tapmaýanlar-da bu mejbury bosa-bolsluk sanawuna goşulýar. Soňky statistika görä, häzir respublikanyň ۵ million ilatynyň ۲ millionyny emele getirýän ýigrenji diktatoryň uly türmesinden gaçyp atdy, bu bolsa uly betbagtçylyga we ýurduň ilatynyň çökmeginden başga zady aňlatmaýar.

Şeýle-de bolsa, dünýäden izolirlenen bu adadan gaçyp atan immigrantlara edilýän sütemiň soňy gelenok, betbagytçylyklar olary daşary ýurtlarda hem öz başyna goyanok.we hemme ýerde olara ýoldaşlyk edýär. Sebäbi, Gurbanguly Berdymuhamedowyň ýurt dolandyryş sistamanyň düýp özeni awtoritar hökümdarlykdyr. Hatda respublikanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda işleýän öz wekillerine-de hiç hili hak-hukuk berilmeýär. Bu hökümet konsullyklarynyň hiç biriniň daşary ýurtdaky raýatlaryna konsullyk hyzmatlaryny-da berenok. Ähli ilçiler we konsullar prezidentiň özüne degişli taýpanyň arasyndan bellenýär we türkmen milletiniň beýleki etnik toparlaryndan ýa-da respublikadaky beýleki halklaryň etnik azlyklaryndan şu wagta çenli hiç kim hökümet bähbitlerine wekilçilik etdirlenok.

Netijede, daşary ýurtlar çykn immigrantlar konsullyk işleri üçin iş-güýçlerinden el çekip, Türkmenistana gaýdyp barmak howpuny boýun almaga mejbur bolýarlar, bu ýagdaýda resmilere para bermekden tut tä tussag edilmek we ýurtdan çykmak gadaganlyk howpuna çenli baryp ýetýär!
Daşary ýurtdaky wekilhanalarda konsullyk hyzmatlaryny bermezlik we ýurda depertasiýa howpy sebäpli görkezmelere görä şu wagta çenli 300,000-den gowragynda respublikany paportyny ýitirmek howpy bar we pasportlarynyň möhleti dolanlar bolsa bikanun işlemek bilen ýüzbe-ýüz boldular. Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagy we keseliň prezident tarapyndan barlygynyň gizlenip saklanmagy, dogry saglyk infrastrukturasy  ýoklugu we internetiň we poçta bölüminiň kadaly gurluşy bolmadyk ýagdaýynda ýurda medisina ýardam ibermek üçin hiç hili hökümet kömegi bermezden halky öz baöyna goýdular. Daşary ýurtlardakylar bolsa öz maşgalalaryndan habar alyp bilmäni, käbirleriniň awtoritar dolandyryşa garşy köpçülikleýin nägileligini beýan edip başladylar.

Opportunistleriň we ynamdan gaçanlaryň oýanmagy!

Dünýädäki özüne meňzeş zalym diktaturalaryň arasynda Türkmenistanyň prezidenti, belki-de iň şanyslysy, iň bagtlysy bolsa gerek sebäbi ne respublikanyň içinde-de, ne-de daşynda oňa garşy guramaçylykly we kesgitli meýilnama we maksatnama bilen hiç haçan oppozisiýa bolmandy. Hakyky oppozisiýa diýip, Niazowyň döwründe ministrlik wezipesinden aýrylan, ilkinji daşary işler ministri merhum Abdi Kuliýew agzasa bolar. Abdy aga garşy çykmak üçin Niazowa goşun güýjüni ulanmagyň zerurlygy ýokdy, sebäbi, diktaturanyň haram saçagyndan kowulan ogrular özlerini demokrasiýa eşiginde aldawaç hem mekir planlary alyp barýarlar. Abdy aganyň ölümi bilen oppozisiýa diýlip atlandyrylýan bu aldawaçlar wagtal-wagtal “Azatlyk radiosy”nyň türkmen bölümine interwýu bermekden ýa-da internet arkaly käbir wagyz- gürrüň bermekden başga zada ýaraman gelýärler.

Şol sebäpden, Türkiýe we Kipr ýaly ýurtlarda bir topar türkmen immigrantynyň garşy çykyşlarynyň başlamagy we beýleki ýurtlardan gelenleriň, Türkmenistanyň diktaturyna garşy söweşde hiç hili baglanyşygy bolmadyk adamlaryň, toparlarynyň goşulmagy bilen, Türkmen immigrantlaryň nägilelik tolkununy orta ýolda bökdedi we sagdyn polemikanyň ters gelýän we normatiw bolmadyk görnüşde ýolbaşçylyga dalaş edýärler. Olarda geljek üçin ne göreş taktika bar ne-de strategiki bar, ne-de maksatlar hem planlary hödürleýärler, diňe esasy kärleri hiç hil subutnama görkezmeden, birek-biregi Türkmenistanyň we Orsýetiň MHK-sy (howpsuzlyk guramasyna KGB) bilen hyzmatdaşlykda aýyplaýarlar.

Türkmen immigrantlarynyň Türkmenistan Respublikasynyň käbir konsullyklarynyň ýa-da beýleki ýerlerdäki çäkli we dagynyk aksiýalaryndan tolgunan we gysga wagtyň içinde Türkmenistanda syýasy häkimiýete ýetjeklerine hyýalbent bolan bu oppozisiýa sumaklar hatta diktaturanyň agdarylmagyna kesgitli möhlet hem berip, 14-25-nji sentýabr aralygynda diktaturnyň agdaryljagyny öňe sürdüler. Diňe syýasatda däl, umuman durmuşda-da köp garaşylmadyk parametrler we wakalar rol oýnaýar şol sebäpden akly-huşy ýerinde hiç bir adam we tejribeli syýasatçy üýtgeşmäniň takyk wagtyny we senesini kesgitlemez we çaklamaz. “Sebäbi belli Nemes filosofy “Feuerbah”yň pikiriçe, diňe ruhanylar we samsyklar geljegi öňünden çak edýärler.!”

Şeýle-de bolsa, häkimiýete alternatiw güýçdigini öňe sürýän we birek-biregi bilen oňuşman gelýän bu adamlaryň ylalaşmagy üçin, “Turançy” hem “Ihwançy” “Kamil Ilbey ” diýen bir Türkiýeli wideo konferensiýa arkaly ýaraşdyryp, olary “Beýik Turany” basyp almak üçin birleşdirdi! Mundan çykýan netije şeýle: ýagny bu adamlaryň agzybirli we ylalaşy türkmen halkynyň milli bähbitlerine esaslanman, öz-ara we içki bähbitlere daýanýar, iň soňunda bolsa “Pan-Türkistler” we “Ihwançy” Erdoganyň ahyryndan iyim iýmäge baryp biler.

Türkmen immigrantlary problemasyna iň oňat çözgüt!

Türkmenistan Respublikasynyň daşyndaky käbir türkmen immigrantlarynyň islegleri bilen baglanyşykly umumy düşünje we prinsipial syýasat ne adam hukuklarynyň öz syýasy maksatlary üçin syýasatlaryny ýöretmek, ne-de respublikanyň içinde häkimiýete eýelemäge howlukmaklyk. Olar NGO-lar arkaly öz hukuklaryny gazanyp bilerler,üstesine adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar-de bu ugurda türkmen aktiwistlerine goldaw berip bilerler. Şol esasda bu guramalar bilen gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrsalar oňat bolar.

Adam Hukuklaryny Ähliumumy Jarnamasynyň ۲-nji puktiniň ۱۵-nji maddasyna göra: “hiz adamyň eden-etdilik bilen watandaşlygyny ýatyryp bolmaz” ýa-da13-nji bendine laýyklykda: “Her kim öz watanyny terk etmäge ýa-da ýurduna öwrülip barmaga doly haklydyr.”

Başga sözler bilen aýdylanda, bu respublikadan awara-sergezdan bolan 2 million ilatynyň ýekeje şu fakty, Türkmenistanyň diktaturasynyň halkara aranasynda paş bolmagyna ýeter. Ýöne gynansakda, häzirki wagtda bu immigrantlaryň ýa-da türkmen hökümetiniň oppozisiýasy diýlip atlandyrylýanlaryň arasynda guramaçylykly hereket ýok. Türkmen immigrantlary adam hukuklarynyň aç-açan bozulmagyny, adam hukuklary we halkara hukuk guramalary bilen ara alyp maslahatlaşmaly. Hususan-da, indi adam hukuklaryny goramak diňe bir Birleşen Milletler Guramasy bilen çäklenmän, Amnesty International we Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy ýaly birnäçe halkara gurama bar.

Daşary ýurtlardan halka “Men siziň ýolbaşçylyk roluňyzy kabul etdim” diýip wagyz edýänler, diktatura garşy göreşiň ýurduň içinde hukuklarynyň we azatlyklarynyň we milli baýlyklaryň talanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýanlar tarapyndan alnyp barylýandygyny unutmaly däldir. Bu üýtgeşmäniň ýolbaşçylary hem şahsyýetler tarapyndan däl-de, eýsem zuluma garşy çykýanlaryň nägileliginden we umumy gozgalaňyndan başlap, zerurlyklaryna görä rewolýusiýa şertleri bilen döredilýär.

   Şeýlelik bilen, daşary ýurtlardaky syýasy bosgunlar liderlik roly däl-de, hereketi goldamakda we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde we halkara hukuk jemgyýetleriniň öňünde halkyň isleglerini ýokarlandyrmakda we üstünlikli dünýä tejribelerini we täze we demokratik pikirleri içerde geçirmekde, katalizator rol oýnaýarlar. Mundan başga-da, her bir üstünlikli hereket, syýasatçylaryň, intellektuallaryň we sungat işgärleriniň ýadawsyz we uzak wagtlap dowam etdirýän wagyz-nesihat işlerine goldaw berýär, gynansak-da Türkmenistanda türkmen jemgyýetinde beýle hereketler ýok. Hususan-da, Arkadagyň zulmundan ejir çekýän adamlar üçin esasy sorag, diktatura gidenden soň kimiň geljekdigi däl-de näme geljekdigi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin diňe häkimiýeti üýtgetmek däl türkmen oppozisiýasy bu esasy soraga jogap bermeli!

Eýran Türkmenleriniň medeni-syýasy ojagy
۲۸nji sentýabr 2020-nji ýyl


dowam edýär


KGB Türkmenistany öz ýanan kozirleri bilen oýnar



تلگرام

پاسخی بگذارید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *