خانه / Türkmençe / “Türkmenistandaky diktatura ýok”

“Türkmenistandaky diktatura ýok”

۲۷-nji oktýabrda, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ir sagat 10-dan 12 çenli aralykda, türkmen aktiwistleriniň gurnamagynda, Türkmenistanyň ۲۷-nji oktýabrda yglan edilen Garaşsyzlyk güni we türkmen döwletiniň ۹۵ ýyllygy mynasybetli miting geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda, taryhy fakty ýoýmak bilen, bir aý öňe süýşürildi.

Türkmen parlamentiniň ozalky deputaty Halmyrat Söýünow mitingden soň Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde bu çärä çagalar bilen jemi 14 töweregi adamyň gatnaşandygyny, özleriniň “۲۷-nji oktýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni!”, “Türkmenistanda diktatura ýok diýmeli!”, “Gurbanguly Berdimuhamedow, güm bol!” diýen şygarlara gygyryp, Türkmenistandaky diktaturany berk ýazgarandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň Halmyrat Söýünow bilen geçiren söhbetdeşligini diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys

 



تلگرام

پاسخی بگذارید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *