Demirgazyk gxndogar Eýranda 4 million töweregi Türkmen ýaşaýar. Olar Eýran režiminiň basyşlaryna garamazdan, türkmeniň ýaşaýyş medeniýetini, däp-dessuryny, dilini we ynanç-ygtykadyny saklap galmaga ürç edýärler.
Türkmenistan bilen Eýran düwletlerıniň resmi beýnatlarylaryndan mälim bolşuna görä, dost-doganlyga esaslanýan özara bähbitli goňşuçylyk gatnaşygyny saklap gelýär. Ýöne Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler täze doglan çagalaryna türkmen atlaryny dakmak, ýurtda öz ene dillerini resmi aragatnaşyk guraly hökmünde ykrar etdirmek ýaly medeni çäklendirmelere duçar bolup gelýär.
Eýranyň paýtagty Tähranda Türkmenistanyň ilçihanasy bar, ýöne Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlara görä, Demirgazyk Eýranda küren tutan etniki türkmenler öz ýaşaýan sebitlerinde Türkmenistanyň konsulhana açmagyny, olar Türkmenistanda ýaşaýan süňk hossarlary bilen gelim-gidimiň ýola goýulmagyny, iki ýurduň arasynda etniki türkmenler üçin wiza düzgüniniň ýeňilleşdirilmegini, Eýranyň Demirgazyk sebitleri bilen Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrmagyny isleýärler.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Eýranda ýaşaýan Türkmenleriň konsulhana açmak aladalary barada dünýä türkmenlerine giňişleýin gürrüň berdi